- ýetişdirmek
- işlik1) Idedip ösdürmek, gözegçilik edip ulaltmak, kemala getirmek.∙ Ak altynyň rekord hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin, kolhoz meýdanynda tutanýerli zähmet çekýäris. («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)2) Terbiýeläp ösdürmek.∙ Biz ony meşhur razwedkaçy edip ýetişdirerdik. («Sowet edebiýaty» žurnaly)3) Wagtynda eltip bermek, öz möhletinde eltmek, gowşurmak.∙ Kim pälesini ýetişdirmese, eýgilik tamasyny etmeli däldigini hem duýdurdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)4) Bir zady bellenen wagta taýýarlap häzir etmek.∙ Makalany şu aýda ýetişdirerin.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.